Şwesiýanyň Ankaradaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Şwesiýanyň Ankaradaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

1625239
Şwesiýanyň Ankaradaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

Şwesiýa döwletiniň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Staffan Herrstrýom Daşary işler ministrligine çagyrylyp, Şwesiýanyň käbir ministrleriniň terrorçylaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirmegi berk ýagdaýda ýazgaryldy. 

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Şwesiýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Staffan Herrstrýoma şwesiýaly käbir ministrleriň terrorçylaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirmeginiň berk ýagdaýda ýazgarylandygy mälim edildi.

Şwesiýanyň ilçisine Şwesiýanyň duşuşyk geçiren şahsyýetleriň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan hem terror guramasy hökmünde kabul edilen PKK-nyň agzalarydygy bellenip, Şwesiýanyň geçiren bu duşuşyklary Türkiýäniň howpsuzlygyny nyşana alýanlara goldaw berýändigi, halkara hukugyň düzgünlerini bozandygy, ikitaraplaýyn gatnaşyklarada uly zarba urandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar