Prezident Erdogan Türkiýe-Albaniýa Fier Dostluk hassahanasynyň açylyşyna gatnaşdy
Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Albaniýa başda bolmak bilen bütin Balkan ýurtlarynyň parahatçylygy, asudalygy, durnuklylygy we galkynyşy üçin tagalla edýändiklerini habar berdi
Prezident Erdogan Türkiýe-Albaniýa Fier Dostluk hassahanasynyň açylyşyna sanly ulgam arkaly gatnaşdy.
Türkiýe-Albaniýa gatnaşyklarynyň günsaýyn özgerýändigini aýdan Prezident Erdogan, Türkiýäniň 30 ýyl bäri Albaniýanyň galkynmagy üçin her dürli goldaw berýändigini mälim etdi.
"Fier Dostluk hassahanasynyň 3 aýda gurulyp ulanylmaga beriljekdigini aýdypdyk. 3 aýdan hem gysga wagtda tamamladyk" diýip aýdan Erdogan: "6 orunlyk operasiýa bölümi, 20 orunlyk agyr keselliler bölümi we 130 orunlyk ýatylýan bölümi bilen albaniýaly doganlarymyz üçin ulanyp boljak ýagdaýa getirdik. Hassahanada 387 işgär bilelikde işlär" diýip belledi.
Prezident Erdogan, Albaniýa başda bolmak bilen bütin Balkan ýurtlarynyň parahatçylygy, asudalygy, durnuklylygy we galkynyşy üçin tagalla edýändiklerini nygtap: "Türkiýäni howp ýa-da bäsdeş hökmünde görýänler diňe we diňe öz bähbitleriniň çäginde hereket edip uly ýalňyşlyk edýärler" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.