Ministrler kabinetiniň mejlisiniň düzümi üýtgedildi

Prezidentiň soňky kararnamasy bilen Ministrler kabinetiniň mejlisiniň düzümindäki ministrleriň sany 16-dan 17-ä çykdy

1625332
Ministrler kabinetiniň mejlisiniň düzümi üýtgedildi

Resmi gazetde çap edilen Prezidentiň kararnamasy bilen Söwda ministri Ruhsar Pekjan wezipesinden boşadyldy, onuň ýerine bolsa Mehmet Muş bellendi. 

Maşgala, zähmet we sosial hyzmatlar ministrligi, Maşgala we sosial hyzmatlar ministrligi bilen Zähmet we sosial howpsuzlyk ministrligi ady bilen ikä aýryldy. 

Ministrligiň ikä bölünmegi bilen Zehra Zümrüt Selçuk wezipesinden boşadyldy. 

Täze gurulan Maşgala we sosial hyzmatlar ministrliginiň başyna Derýa Ýanyk, Zähmet we sosial howpsuzlyk ministrliginiň başyna bolsa Wedat Bilgin bellendi. 

Prezidentiň soňky kararnamasy bilen Ministrler kabinetiniň mejlisiniň düzümindäki ministrleriň sany 16-dan 17-ä çykdy. 



Degişli Habarlar