Mewlüt Çawuşogly Çada Gynanç Bildirdi

“Hökümete garşy guralýan hüjümleri ýazgarýarys, merhuma Alladan rehnet dileýäris, dost we doganlyk ýurt Çadyň halkyna duýgudaşlyk bildirýäris”

1625207
Mewlüt Çawuşogly Çada Gynanç Bildirdi

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hepdäniň ahyrynda ýurduň demirgazygynda ekstremistlere garşy geçirlen operasiýa gatnaşan we ekstremistler bilen bolan çaknyşykda ýogalan Çadyň Prezidenti Idris Deby Ytno üçin gynanç bildirdi.

Çawuşogly, Twitterden beren habarnamasynda, Idris Deby Ytnonyň frontda ýogalmagyna uly gynanç bildirýändigini nygtap “Hökümete garşy guralýan hüjümleri ýazgarýarys, merhuma Alladan rehnet dileýäris, dost we doganlyk ýurt Çadyň halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýdi.

Çadyň goşunlarynyň metbugat geňeşçisi Azem Bermandoa Agouna, 68 ýaşyndaky prezidentiň hepdäniň ahyrynda ýurduň demirgazygynda ekstremistlere garşy geçirlen operasiýa gatnaşandygyny we ekstremistler bilen bolan çaknyşykda ýogalandygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar