“Daşary Işler Ministrimize, Dendiasa Beren Jogaplary Üçin Sagbolsun Adýaryn"

Prezident Erdogan, partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi

1625627
“Daşary Işler Ministrimize, Dendiasa Beren Jogaplary Üçin Sagbolsun Adýaryn"

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyna Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias bilen geçiren duşuşygynda beren jogaplary üçin sagbolsun aýtdy. 

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda eden çykyşynda, geçen hepde Ankara sapar guran Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendiasyň kärdeşi Mewlüt Çawuşogly bilen geçiren metbugat ýygnagynyň üstünde durup geçdi. 

Prezident Erdogan: "Daşary işler ministrimize, Gresiýanyň Daşary işler ministri bilen geçiren duşuşygynda beren jogaplary üçin sagbolsun aýdýaryn. Asla başymyzy egmeris we dik durmaga dowam ederis. Biziň milletimiz asla boýnunda bular ýaly bir ýesirlik jynzyry bilen ýaşajak bir millet däldir" diýip habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Nikos Dendias bilen geçiren metbugat ýygnagynda: "Bu ilkinji duşuşugymyzyň biz has oňyn bir atmosferada dowam etmegini isläpdik, emma Nikos Dendias beren beýanatynda gynansagam ýurduma garşy örän ýerliksiz aýyplamalar etdi. Ilki bilen Türkiýäniň Gresiýanyň özygtyýarlylyk hukuklaryny bozandygyny aýtdy. Muny kabul etmegimiz mümkin däl. Türkiýe Respublikasy öz hukuklaryny, esasan hem Gündogar Ortaýer deňizinde we Kiprdäki türk hukuklaryny gorajakdyr we eden ädimlerimiz hukuklarymyzy goramak bilen baglanşyklydyr. Bu ýere gelip Türkiýäni günäkärleseňiz, menem öz gezegimde bularyň jogabyny bermeli bolaryn. Mundan başgada Türkiýede biz Grek Prawoslaw azlygy Grek Prawoslaw hökmünde kabul edýäris, emma siz men türk diýen türklere ýok, sen türk däl, diňe musulman diýmegiňiz hem ne adam gymmatlyklaryna bap gelmeýär, ne-de Halkara hukuga bap gelýär" diýip jogap beripdi. 



Degişli Habarlar