Prezident Erdogan, Bolgariýanyň Premýer Ministri Borisowy Gutlady

Prezident Erdogan, GERB partiýasynyň Bolgariýada geçirlen saýlawda gazanan üstünligi bilen Boýko Borisowy gutlady

1624500
Prezident Erdogan, Bolgariýanyň Premýer Ministri Borisowy Gutlady

 

Prezident R. T. Erdogan, Bolgariýanyň GERB partiýasynyň lideri we häzirki Premýer ministri Boýko Borisow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde, GERB partiýasynyň Bolgariýada geçirlen saýlawda gazanan üstünligi bilen Boýko Borisowy gutlady.

Bolgariýanyň Borisowyň ýolbaşçylygynda ykdysady taýdan uly öňe gidişlik edendigini nygtan Erdogan, täze hökümetiň gysga wagtda gurulmagyny we düşümli bolmagyny arzuw etdi.

Bolgariýada 4-nji aprelde umumy saýlawlar geçirlipdi.



Degişli Habarlar