Izmir we Çanakgala welaýatlarynda ençeme bosgun halas edildi

Izmir we Çanakgala welaýatlarynda Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen 113 bosgun halas edildi

1624524
Izmir we Çanakgala welaýatlarynda ençeme bosgun halas edildi

Izmir welaýatynyň Seferihisar etrabynyň suw giňişliginde 2 sany aýry halas ediş salanyň içinde bosgunlaryň bardygy barada alynan maglumatyň esasynda sebite Türkiýäniň Kenarýaka hopwusyzlyk gullugyna degişli gaýyk  gökükdirildi.

Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilendigi anyklanan 59 bosgun halas edildi.

Aralarynda zenanlaryň we çagalaryň hem bolan bosgunlar deslapky işlerinden soň welaýat Migrasiýa edarasyna ugradyldy.

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli toparlar mundan başgada, Gresiýanyň Lesbos adasyna gitmek isleýän bosgunlaryň Çanakgala welaýatynyň Aýwajyk etrabynyň suw giňişliginde çiýşirilen gaýykda barýandyklary barada alynan maglumatyň esasynda işe girişdiler.

Sebitde baran topar, Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen 54 bosguny halas etdi.


Etiketkalar: #bosgun , #Türkiýe , #Gresiýa

Degişli Habarlar