Türkiýede Kovid-19 Sanjymyny Etdirenleriň Sany 20 Milliondan Geçdi
Sanjym etdirenleriň sany Stambulda 3 million 175 müň, Ankarada 1 million 599 müň, Izmirde bolsa 1 million 355 müň 164 adama ýetdi.
Türkiýede, täze görnüş koronawirusa garşy alnyp barylýan göreşiň çäginde birinji we ikinji doza sanjymyny etdirenleriň jemi sany 20 milliondan geçdi.
Saglygy goraýyş ministrliginiň https://covid19asi.saglik.gov.tr salgysynda berlen sanjymlar hakyndaky görkezijilere görä, birinji doza sanjymyny etdirenleriň sany 12 million 208 müň 242 adama ýetdi.
Ikinji doza sanjymyny etdirenleriň sany bolsa 7 million 793 müň 889 adam.
Şeýlelikde Türkiýede häzire çenli jemi 20 million 2 müň 131 adama sanjym edildi.
Stambul şäherinde Kovid-19 sanjymyny etdirenleriň sany 3 million 175 müň, Ankarada 1 million 599 müň, Izmirde bolsa 1 million 355 müň 164 adama ýetdi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan Gollandiýada Saparda Bolar
Ministr Fidan, saparynyň çäginde gollandiýaly kärdeşi Clot Hanke Brýuinz bilen duşuşar.
Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Iki hepde-de ekstremist terror guramasy PKK-a agza 75 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.