Türkiýe, Müsüre Gynanç Bildirdi

Müsürde bolan otly heläkçiliginde 11 adam ýogalypdy, 98 adam hem ýaralanypdy

1623754
Türkiýe, Müsüre Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Müsürde bolan otly heläkçiligi sebäpli gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Müsüriň Kalýubiýe welaýatynyň Tuh etrabynda düýn bolan otly heläkçiliginde 11 adamyň ýogalmagyna, köp sanly adamyň hem ýaralanmagyna gynanç bildirildi.

Beýannamada “Heläkçilikde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris. Dost we doganlyk ýurt müsüriň halkyna we merhumlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýäris” diýildi.

Müsüriň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Tuh şäherinde Kair-Mansura saparyny amala aşyrýan otly heläkçiliginde 11 adamyň ýogalandygy, 98 adamyň hem ýaralanandygy nygtalypdy.



Degişli Habarlar