Türkiýe Kovid-19-a Garşy Göreldeli Göreş Alyp Barýar

Prezident Erdogan, Hasankeýf-2 köprüsiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

1623206
Türkiýe Kovid-19-a Garşy Göreldeli Göreş Alyp Barýar

 

Prezident Erdogan, Stambuldaky Huber köşgünden wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Hasankeýf-2 köprüsiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Açylyş çykyşynda Türkiýäniň saglygy goraýyş pudagynda durmuşa geçiren işleri hakynda durup geçen Erdogan “Saglygyny bejertmek üçin indi biziň raýatlarymyz daşary ýurda gitmeýär. Türkiýä gelen daşary ýurtlylar biziň ýollarymyza, köprülerimize we howa menzillerimize geň galýar. Her ýyl daşary ýurtly ýüzmüňlerçe adam Türkiýedäki hassahanalarda berjergi alýar” diýdi.

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy alyp barýan göreşiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we Günbatarly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan görelde hökmünde görkezilendigini aýtdy.

Prezident Erdogan Türkiýede häzire çenli 20 million Kovid-19 sanjymynyň edilendigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar