“Türkiýe Özüni we Kipr Türkleriniň Hukuklaryny Goramaga Dowam Eder”

Mewlüt Çawuşogly bilen grek kärdeşi Nikos Dendias özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi

1622404
“Türkiýe Özüni we Kipr Türkleriniň Hukuklaryny Goramaga Dowam Eder”

 

Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias resmi sapar bilen Türkiýä geldi.

Gresiýanyň Daşary işler ministri saparynyň çäginde ilki Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul edildi.

Nikos Dendias soň bolsa Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen grek kärdeşi Nikos Dendias özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Türkiýe-Gresiýa gatnaşyklarynda meçew beriji çykyşlardan çetde durulmagy üçin çagyryş beren Çawuşogly, “Gresiýa bilen başdan geçirilýän kynçylyklaryň gepleşik arkaly çözüljekdigine ynanýarys” diýdi.

“Günbatar Frakiýada ýaşaýan türkler biz tük düýýän bolsalar türkdirler. Muny şeýle kabul etmeli bolarsyňyz” diýen Mewlüt Çawuşogly, iki ýurtdaky azlyklaryň asuda ýagdaýda ýaşamagynyň özara gatnaşyklar taýdan möhümdigini belledi.

Çawuşogly, Türkiýäniň, Gündogar Ortaýer deňizinde özüniň kesgitlän we BMG tarapyndan bellige alynan kontinental şiftde öz işini dowam etdirýändigine ünsi çekdi.

Türkiýäniň şu günki güne çenli Türkiýäni çetleşdirýän we Kipr türkleriniň hukuklaryna äsgermezçilik edilen başlangyçlara garşy durýandygyny görkezendigini nygtan Çawuşogly “ “Türkiýe özüni we Kipr türkleriniň Hukuklaryny goramaga dowam eder” diýip belledi.

Myhman ministr bilen terrora garşy göreş meselesini içginlik bilen ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Çawuşogly “Esasan FETÖ, PKK, DHKP-J ýaly guramalara garşy has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek isleýäris” diýdi.

Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias bolsa Türkiýe bilen ykdysady taýdan gatnaşyk edip biljekdiklerini aýtdy.

Ýurdunyň Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna goldaw berýändigini ýatladan Dendias, türk raýatlarynyň ÝB-ne agza ýurtlarda erkin syýahat etmekleri ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga taýardyklaryny belledi.



Degişli Habarlar