Prezident Erdogan, NATO-nyň Baş Sekretary Stoltenberg Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Erdogan bilen Stoltenberg Egeý, Gündogar Ortaýer deňizi, Liwiýa, Owganystan we Russiýa-Ukraina krizisi hakynda pikir alyşdy
Prezident R. T. Erdogan, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Stoltenberg telefon söhbetdeşliginde Egeý, Gündogar Ortaýer deňizi, Liwiýa, Owganystan we Russiýa-Ukraina krizisi bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.
Prezident Erdogan, Türkiýäniň oňyn tutumy netijesinde Egeýde we Gündogar Ortaýer deňizinde durnuklylygyň dowam edýändigini belledi.
Erdogan, Liwiýada gurlan täze hökümete goranyş we howpsyzlyk taýdan goldaw berilmelidigini nygtady.
Prezident Erdogan, NATO-nyň ähli taraplaýyn Owganystana goldaw bermelidigine ünsi çekdi.
Prezident Erdogan, Russiýa-Ukraina krizisiniň Ukrainanyň territorial bitewiligine we Minsk şertnamasynyň çäginde gepleşik arkaly çözülmelidigini ýatlatdy.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.