“Daşary Işler Ministri Dendiasyň Tutumyna Garşy Degişli Jogaby Berdi”

Prezident Erdogan, Stambul şäherinde metbugata beýannama berdi.

1622720
“Daşary Işler Ministri Dendiasyň Tutumyna Garşy Degişli Jogaby Berdi”

Türkiýede saparda bolýan Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendiasyň tutumy hakyndaky soraglara jogap beren Prezident Erdogan, “Daşary işler ministri Dendiasyň tutumyna garşy degişli jogaby berdi”diýdi.

Düýn Dendiasyň paýtagt Ankarada geçiren duşuşygyndan soň Çawuşogly bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda aýdan sözleri hakynda durup geçen Prezident Erdogan “Dendias bilen Daşary işler ministrimiziň arasyndaky duşuşykda gynansakda garaşylmadyk ýagdaý başdan geçirildi. Daşary işler ministrimiz Dendiasyň tutumyna degişli jogaby berdi. Başgaça çemeleşilip bilinmezdi. Millet hökmünde hem bize başgaça çemeleşmek gelişmezdi” diýdi.

Dendiasyň tutumynyň ýalňyşdygyny aýdan Erdogan  “Düýn Dendiasy kabul etdim we kabul edilşikde oňa Türkiýe bilen Gresiýa utgaşykly hereket etsin, başgalary aramyza goşulmasyn diýipdim” diýip belledi.

Grek hökümetiniň Günbatar Frakiýada başmüfüni henizem özüniň belleýändigine ünsi çeken Erdogan “Siziň 1923-nji ýylda baglaşylan Lozan şertnamasyna görä başmüftüni bellemek hukugyňyz ýok. Biz ýurdumyzda ruhanylary wezipä bellemeýäris. Gresiýadaky müftülerimize, ymamlarymyza öz gullukçylary, din adamlary ýaly çemeleşýarler. Bu halkara hukugyna hem bap gelmeýär we özara gatnaşyklara ýaramaz täsirini ýetirýär. Emma hiç hili netije alyp bilmedik” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly, düýn paýtagt Ankarada saparda bolan grek kärdeşi Nikos Dendias bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda, Türkiýäni günäkärlan myhman ministre “Biz ilkinji duşuşygyň oňyn ýagdaýda dowam etmegine garaşýardyk. Emma Nikos Dendias çykyşynda gynansakda ýurdumy günäkärledi we biz günäkärlemeleri kabul etmeýäris. Türkiýäniň Gresiýanyň özygtyýarlyk hukuklaryny basgylaýandygyny aýtdy. Muny kabul etmeýäris. Türkiýe Respublikasy öz hukuklaryny, esasan Gündogar Ortaýer deňizinde we Kipr türkleriniň hukuklaryny goramaga dowam eder. Ýurdumyza gelip Türkiýäni günäkärleýän bolsaňyz men hem degişli jogaby bermeli bolaryn. Mundan başgada Türkiýede biz Grek prawoslaw azlygyny Grek prawoslaw hökmünde kabul edýäris, emma siziň “Men Türk” diýýän türklere “Ýok sen türk däl, diňe musulman” diýmegiňiz halkara hukugyna bap gelmeýär” diýip jogap beripdi.



Degişli Habarlar