Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy

Yragyň demirgazygyndaky Başika bazasyna garşy guralan hüjümde bir esger şehit boldy

1621478
Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä Başika bazasyna düýn gije raketaly hüjümler guraldy. 

Atylan 3 raketanyň 1-i bazanyň içine, beýleki ikisi bolsa obanyň içine degdi.

Hüjümde 1 türk esger şehit boldy, obada ýaşaýan bir çaga bolsa ýaralandy.  

Beýanatda sebitde bir sany ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň gönükdirildigi we gerek bolan çäreleriň görülendigi bellenip: "Gahryman şehidimize Alladan rehnet, gam-gussaly maşgalasyna we Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine gynanç we sabyr, ýaralanan çaga bolsa şypa dileýäris" diýip habar berildi.



Degişli Habarlar