Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, maý aýynyň başynda Türkiýeden bir wekiliýetiň çakylyga laýyklykda Müsüre gitjekdigini habar berdi

1621838
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly telewideniýe kanallaryň birine güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.

Türkiýe-Müsür gatnaşyklary bilen baglanşykly Mewlüt Çawuşogly, iki ýurdyň arasynda ilki bilen razwedka gulluklarynyň arasynda ýola goýuljak aragatnaşyk kanalynyň, soň bolsa Daşary işler ministrlikleriniň üsti bilen dowam etmegi babatynda ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Müsüriň hökümedi türk wekiliýetiniň sapar guramagy üçin çakylyk ugratdy. Maý aýynyň başynda Müsüre türk wekiliýeti gider" diýip aýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Müsüre gitjek wekiliýetiň ministriň orunbasary derejesinde boljakdygyny, soň bolsa özüniň müsürli kärdeşi bilen duşuşyp biljekdigini beýan etdi. 

Gresiýa bilen gatnaşyklaryň soňky birnäçe ýyl bäri dartgynly dowam edýändigini aýdan Çawuşogly, munyň, has hem Afinynyň oňaýsyz çemeleşmesinden gözbaş alýandygyny mälim etdi. 

Çawuşogly Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendiasyň şu gün paýtagt Ankara sapar gurajakdygyny ýatladyp, iki ýurdyň arasyndaky dialogyň we ýokary derejeli saparlaryň ähmiýedini belläp geçdi. 

Iki goňşy ýurdyň gepleşikler geçirmekleri üçin Ýewropa Bileleşigine ýa-da başga bir ýurda mätäçliginiň bolmandygyny aýdan Çawuşogly: "Gresiýa bilen üstünde ylalaşyp bilmeýän meselelerimiz bar. Bulary aç-açan ýagdaýda maslahatlaşmalydyrys. Biz ähli meseleleri oturyp gürleşmäge taýardyrys" diýip habar berdi. 

Çawuşogly iki ýurdyň arasyndaky geňeşmeleriň ýaňadandan başlandygyny we syýasy geňeşmeleriň geçirilendigini belläp, kärdeşi bilen ähli düşünişmezçilikleri dostlukly ýagdaýda maslahatlaşmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. 

Ministr Mewlüt Çawuşogly Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Kipr temasy bilen geçirilen maslahat bilen baglanşykly: "DKTR-nyň ozalky Prezidenti Hormatly Mustafa Akynjy hem BMG-e hem-de Ýewropa Bileleşigine irdenden agşama çenli federasiýa meselesini güntertibe getirdi. Ozal üstünde ylalaşan käbir meselelerimiz boýunça yza ädim edildi. Emma Kipriň Grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis men hiç zat paýlaşmak islemeýärin, grek tarapy hemişe yza ädim edýär diýeninden soň, mundan beýläk Federasiýa nusgasy bilen baglanşykly gepleşikler geçirmeris. Bu wagt ýitirmek diýmekdir. Ýene-de 20-30 ýyl gepleşikler geçirsegem netije alyp bilmeris. 53 ýyl gepleşikler geçirdik, netije alynyp bilinmedi. Mümkin bolmaýan zady etjek bolmagyň hiç hili manysy ýok" diýip belledi. 

Gara deňizdäki dartgynlygyň hem üstünde durup geçen Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Gara deňiziň bir parahatçylyk deňizi bolmagyny isleýändigini, bu ýerde ähli kenardaş döwletleriň bir ýere jemlenip, deňiz ygtyýar giňişlikleri boýunça gepleşikler geçirendigini we ygtyýar giňişlikleri boýunça ylalaşyga gelendigini habar berdi. 

Häzirki wagtda dowam edýän Ukraina-Russiýa arasyndaky dartgynlygyň Gara deňiziň bir parahatçylyk deňizi bolmagyna täsir ýetirýändigini aýdan Çawuşogly, Türkiýäniň bu meseläniň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegini goldaýandygyny aýan etdi. 

Çawuşogly Türkiýäniň hem Russiýa hem-de Ukraina bilen gowy gatnaşyklara eýedigini we açyk syýasat alyp barýandygyny beýan etdi. 

ABŞ degişli gämileriň bogazlardan geçmegini goý bolsun etmegi bilen baglanşykly bolsa Çawuşogly, ABŞ-nyň muny sözli ýagdaýda aýdandygyny, entek ýazmaça bir notanyň gelmändigini mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly, gämileriň şu gün geçmän halatynda 15 gün ozaldan habar bermek tapgyrynyň başlajakdygyna ünsleri çekip: "Türkiýe Montrýo ylalaşygyny doly ýagdaýda durmuşa geçirýär. Muňa ne Russiýa ne-de başga bir ýurt alada bildirmeli däl" diýip belledi. 

Düzgünleriň we çäklendirmeleriň açyk ýagdada bellidigini we bogazlardan geçişleriň şol şertlere laýyklykda amala aşyrylýandygyny aýdan Çawuşogly, Kanal Stambul taslamasynyň bolsa Montrýo ylalaşygynyň düzgünlerini bozmaýandygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar