Prezident Erdogan Kanal Stambul taslamasy bilen bagly beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Kanal Stambul taslamasy bilen bagly beren beýanatynda: "Bu ýerde biziň garaşsyzlygymyzy, özbaşdaklygymyzy dolulygyna tassyklaýan eser döredýäris" diýdi

1621352
Prezident Erdogan Kanal Stambul taslamasy bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Millet kitaphanasynda geçirilen "Kitaphana söhbetdeşlikleri" atly çäräniň çäginde ýaşlaryň soraglaryna jogap berdi. 

Prezident Erdogana Kanal Stambul taslamasynyň Türkiýe üçin artykmaçlyklarynyň nämeler boljakdygy, Montrýo ylalaşygyndan çykylyp-çykylmajakdygy bilen bagly soraga jogap berdi. 

Prezident Erdogan, Kanal Stambul taslamasynyň Montrýo ylalaşygy bilen arabaglanşygynyň bolmandygyny belläp: "42-43 km uzynlygynda boljak bir kanal bu. Bu kanalyň üsti bilen Gara deňizi Marmaraý deňizi bilen birleşdireris. Şonuň bilen baglylykda Gara deňizi we Marmaraý deňizi tarapyndan gelen gämileri garaşdyrtmak ýa-da garaşdyrtmazlyk möhletleri biziň elimizde bolar. Munyň Montrýo bilen hiç hili arabaglanşygy ýok. Montrýo, Bosfor bogazy bilen baglanşykly bir ylalaşykdy. Şol sebäpli bu ýerde biziň garaşsyzlygymyzy, özbaşdaklygymyzy dolulygyna tassyklaýan eser döredýäris" diýip nygtady. 

Kanal Stambul taslamasynyň Türkiýäni has asuda we arkaýyn etjekdigini, Stambulyň örän uly baýlyga gowuşjakdygyny aýdan Erdogan, Bosfor bogazynyň hem daşky gurşaw taýdan örän arkaýynlaşjakdygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar