Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Erdogan: "Ýewropa Bileleşiginden ýeke täk talabymyz, agzalyga kabul edilen beýleki ýurtlar bilen şol bir etaba we gollanmalara degişli edilmegimizdir" diýdi

1620766
Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisiniň soň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.

Ýewropa Bileleşiginden ýeke täk talaplarynyň, agzalyga kabul edilen beýleki ýurtlar bilen şol bir etaba we gollanmalara degişli edilmekleridigini aýdan Prezident Erdogan: "Türkiýäniň demokratiýa, adam hukuklary, hukuk döwleti, ykdysadyýetde ynam we durnuklylyk ýaly ugurlardaky tagallalary, ilki bilen öz raýatlarynyň hak, azatlyk we maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Bu tapgyry Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde alyp barsak has hem hoşal bolarys, ýogsam biz öz raýatlarymyz üçin iň gowusy, iň peýdalysy näme bolsa şony etmäge dowam etdireris" diýip belledi.

Ukraina bilen gatnaşyklary özgertmek ugrunda ediljek islendik ädimiň sebitiň parahatçylygy we asudalygy üçin möhümdigine ynanýandygyny aýdan Erdogan, Liwiýa babatynda bolsa: "Takmynan 500 ýyllyk taryhy gatnaşyklara eýe bolan Liwiýanyň parahatçylyk we abdançylyk içinde ýaşamagyny azyndan özümiziň parahatçylygymyz we abdançylygymyz ýaly ähmiýet berýäris" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar