Mewlüt Çawuşogly Müsür bilen bagly beýanat berdi

Mewlüt Çawuşogly Müsür bilen täze döwürde ikitaraplaýyn saparlaryň bolup biljekdigini habar berdi

1621054
Mewlüt Çawuşogly Müsür bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, paýtagt Ankara şäherinde metbugat işgärlerine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.  

Mewlüt Çawuşogly, Müsür bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar bilen bagly: "Müsür bilen täze döwürde ikitaraplaýyn saparlar guralyp biliner, duşuşyklar bolup biler" diýip habar berdi. 

Iki ýurdyň arasynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde maslahatyň geçiriljekdigini aýdan Mewlüt Çawuşogly, meýilnamanyň dowam edýändigini, senenamanyň entek kesgitlenmändigini beýan etdi. 

Müsüre ilçi bellemeklik bilen bagly meseläniň üstünde entek gepleşikler geçirilmändigini aýdan Mewlüt Çawuşogly, meseläniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçiriljek maslahatda güntertibe getirilip bilinjekdigini aýan etdi. 

Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendiasyň Ankara gurajak saparynyň hem üstünde durup geçen Mewlüt Çawuşogly, saparyň 1 gün yza süýşürilendigini mälim etdi.

Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde ýerleşýän NATO ştabynda NATO geňeşiniň maslahatynyň geçiriljekdigini aýdan Çawuşogly, şol sebäpli Dendias bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny belledi we Dendiasyň Ankara saparynyň ertir boljakdygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar