Altun Uaýlderse Reaksiýa Bildirdi

Fahrettin Altun yslamyň radikalizmi, zorlugy, rasizmi we faşizmi ýazgarýandygyny beýan etdi

1621087
Altun Uaýlderse Reaksiýa Bildirdi

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun Gollandiýanyň aşa sagçy Azatlyk partiýasynyň lideri Ger Uaýldersiň oraz aýy bilen bagly habarnamasyna berk reaksiýa bildirdi.

Altun Twitterden beren habarnamasynda: “Ýüreksiz Uaýlders radikalizme, rasizme, basyşa we faşizme wekilçilik edýär” diýip ýazdy.

Fahrettin Altun paýlaşan wideoly habarnamasynda fonda Uaýldersiň fotosuratyny ýerleşdirip, “Ýüreksiz Uaýlders radikalizme, rasizme, basyşa we faşizme wekilçilik edýär. Yslam radikalizmi, zorlugy, rasizmi we faşizmi ýazgarýar. Rasizmiň öňüni alyň” diýdi.

Uaýlders Twitterden beren habarnamasynda yslamyň Gollandiýa degişli däldigini öňe sürüp: “Yslamy we remezany duruzyň” diýip ýazypdy.



Degişli Habarlar