Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 273 boldy.

1620594
Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 34 müň 455 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 306 müň 563 adam testden geçirilip, ýene-de 2 müň 723 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 59 müň 187 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 52 müň 104 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 3 million 424 müň 733 adama ýetdi.

Prezident R.T.Erdogan bolsa pandemiýa garşy alynyp barylýan göreşiň çäginde ministrler kabinetiniň mejlisinde kabul edilen goşmaça kararlar hakynda beýannama berdi.

Erdogan 15 günlük “bölekleýin çäklendirmelere” laýyklykda; hepdäniň dynç alyş günlerinde doly, hepdäniň iş günlerinde (ýerli wagt boýunça) sagat 19:00-05:00 aralygynda köçä çykma çäklendirmesiniň goýuljakdygyny, şol sagatlaryň aralygynda şäherler arasyndaky gatnawlaryn mejbury şertlerden daşgary gadagan edilendigini, döwlet eýeçiliginde ýaýbaňlandyryljak ýeňilleşdirilen iş düzgüniniň hususy pudakda-da höweslendiriljekdigini, bilimiň käbir synaglara taýarlanýan synplar we mekdebe çenli bolan çagalardan daşgary onlaýn görnüşde dowam etjekdigini, naharhana we beýleki kärhanalaryň diňe paket serwis hyzmatyny berjekdigini, ýapyk ýerlerdäki köçülikleýin çärelerin bir aý möhlet bilen yza süýşürilendigini aýtdy.

Prezident erdogan: “Iki hepdelik möhletde nazarda tutulan gowulanma bolman halatynda has agyr çäreleriň goýulmagy gutulgysyz bolar” diýdi.



Degişli Habarlar