Mewlüt Çawuşogly Maltanyň Daşary işler ministro Bartolo bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, iş sapary bilen paýtagt Ankara gelen Maltanyň Daşary işler ministri Ewarist Bartolo bilen duşuşyk geçirdi

1620367
Mewlüt Çawuşogly Maltanyň Daşary işler ministro Bartolo bilen duşuşyk geçirdi

Geçiren duşuşygy bilen bagly özüniň Twitter hasabyndan beýanat beren Mewlüt Çawuşogly, kärdeşi bilen Liwiýa, Kipr, Gündogar Ortaýer deňizi ýaly meseleler bilen Türkiýe-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklaryny maslahatlaşandyklaryny habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly Bartolo bilen şol bir wagtda türk kärhanalarynyň Malta döwletindäki maýa goýumlary we Işewürler Geňeşiniň geçirilmegi, saglygy goraýyş bilen birlikde ähli hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşandyklaryny belläp, iýun aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen Antalýa Diplomatiýa forumyna çagyrdy. 

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, düýn agşam bolsa Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümetiniň Daşary işler ministri Nejla al-Menguş we Maltanyň Daşary işler ministri Ewarist Bartolo bilen üçtaraplaýyn duşuşyk geçirendigini habar beripdi. 

Beren beýanatynda Liwiýa berilýän goldawyň dowam etjekdigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Bu taryhy öwrülişikde Liwiýada parahatçylyga, durnuklylyga we ýaňadandan dikeliş tapgyryna goldawymyz dowam eder. Bikanun göç bilen birlikde, Ortaýer deňizinde asudalygyň we howpsuzlygyň hemişelik bolmagy üçin hyzmatdaşlygymyz dowam eder" diýip mälim edipdi. 



Degişli Habarlar