Gresiýanyň Daşary Işler Ministri Ertir Türkiýä Sapar Gurar

Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias ertir Türkiýäniň paýtagty Ankara sapar gurar

1620442
Gresiýanyň Daşary Işler Ministri Ertir Türkiýä Sapar Gurar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias bilen duşuşyk geçirer. 

Iki ýurdyň arasyndaky meseleler ministrler derejesinde maslahatlaşylar. Liderleriň arasynda duşuşyk geçirilmegi üçin hem meýilnama düzüler. 

Duşuşykda Gündogar Ortaýer deňizindäki hadysalar we Egeý deňizindäki wakalar ele alynar. 

Gresiýanyň bosgunlara garşy halkara hukuga ters eden-etdiliklerine biynjalyklyk bildiriler. 

Kipr meselesi bilen bagly meseleler we geçirilmegi meýilleşdirilýän gepleşikleriň jikme-jiklikler ara alynyp maslahatlaşylar. 

Ýene-de bir möhüm garaljak mesele bolsa terrora garşy göreş bolar. Resmi Afinynyň terror guramasy FETÖ we ekstremist terror guramasy PKK-a berýän goldawyna biynjalyklyk bildiriler. 

Nikos Dendiasyň Ankara gurajak saparyndan ozal Stambulda Fener Grek Patriarhy Bartholomeos bilen hem duşuşyk geçirmegine garaşylýar. 



Degişli Habarlar