Erdogan Dibeýbe Bilen Duşuşdy

Duşuşykdan soň 5 ylalaşyga gol çekişildi

1620037
Erdogan Dibeýbe Bilen Duşuşdy

Prezident R. T. Erdogan bilen resmi sapar bilen Ankara gelen Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer ministri Abdulhamid Dibeýbe özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýannama berdi.

“Liwiýanyň özygtyýarlygyna, territorial bitewiligine, syýasy jebisligine we liwiýanyň halkynyň bagtyýarlygyna uly ähmiýet berýäris” diýen Prezident Erdogan, “Liwiýanyň berýän goldawymyz legal hökümetiň agdarylmagynyň we täze gyrgynçylyklaryň öňüni aldy we ylalaşygyň gazanylmagynda uly rol oýnady” diýip belledi.

“2019-njy ýylyň dekabr aýynda Liwiýa bilen deňiz ygtyýar giňişlikleri hakynda gol çekişilen ylalaşygyň iki ýurduň milli bähbitlerini hem-de gelejegini kepillendirendigini” nygtan Prezident: “Liwiýada parahatçylygyň, asudalygyň we abadançylygyň höküm sürmegi üçin bilelikdäki tagallamyzy dowam etdireris” diýdi.

Erdogan mundan beýläk Liwiýanyň Milli ylalaşygyň hökümetiniň ygtyýarynyň we özygtyýarlylygyň bütin ýurtda ýaýbaňlanmagyny ýola goýmagyň ileri tutuljakdygyny nygtap: “Türkiýe Milli ylalaşyk hökümetine mundan ozalky kanuny hökümetlere bolşy ýaly ähli goldawy bermäge dowam ederis” diýdi.

“Bikanun güýçlere arka durup, Liwiýada liwiýalylara zyýanly bähbit ara döwrüniň indi geçmegini tama edýärin” diýen Erdogan, halkara jemgyýetçiligini hem saýlawyň meýilleşdirilen möhletinde geçirilmegi üçin Liwiýa içgin goldaw bermäge çagyrdy.

Prezident Erdogan, Liwiýanyň Premýer-ministri Dibeýbe bilen türk hususy pudagynyň Liwiýadaky işlerine dolanyp barmaklary hakynda ylalaşandyklaryny, aýratynam Liwiýa şu gün 150 müň doza koronawirus sanjymyny berjekdiklerini aýtdy.

Liwiýanyň Premýer-ministri Dibeýbe bosla; “Türkiýäniň Liwiýada hüjümleriň bes edilmegi boýunça beren goldawyna sagbolsun aýdýarys” diýdi.

Dibeýbe özara gatnaşyklaryň iki ýurduň bähbidine ösdürilmegini isleýändikleri nygtap: “Biz türk doganlarymyz bilen gatnbaşyklarymyzyň nusgawy derejä göterilmegini arzuw edýaris” diýdi.

Prezident Erdoganyň bilen Liwiýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda iki ýurduň arasynda 5 ylalaşyga gol çekişildi.



Degişli Habarlar