Türkiýede Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreş dowam etdirilýär

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 34 müň 182 adama ýetdi

1619854
Türkiýede Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreş dowam etdirilýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda çekilen adam pidasy 243 boldy.

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 34 müň 182 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 301 müň 68 adam testden geçirilip, ýene-de 2 müň 671 adama koronawirusyň ýolugandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 54 müň 562 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 41 müň 218 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 3 million 372 müň 629 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja: "Wirusa täze ýolugýanlaryň 85 göterimi koronawirusyň Britaniýadaky mutasiýasyndan gözbaş alýar" diýip belledi.

Ministr Fahrettin Koja Ylmy Geňeşiň maslahatyndan soň beýanat berdi.

Fahrettin Koja: "Ýakyn wagtda hem daşary ýurtlardan getiriljek sanjymlaryň üsti bilen hem-de ýerli sanjym önümçiligi bilen köpçülikleýin immunitet dörederis" diýip habar berdi.

"Ýokanç derejesi has hem artan tankydy bir zamanadyrys" diýip aýdan ministr Koja, adamlaryň arasynda ýakyn gatnaşygyň bolmazlygy üçin has hem duýgurlygyň görkezilmegini isledi. 



Degişli Habarlar