Milli Bilim ministri Ziýa Selçuk Liwiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

"Duşuşykda, özara hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy meselesinde ylalaşyk gazandyk”

1619645
Milli Bilim ministri Ziýa Selçuk Liwiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Milli Bilim ministri Ziýa Selçuk, Liwiýanyň Ýokary okuw jaýlary we Ylmy barlaglar ministri Imran Muhammed Abdünnebi bilen duşuşdy.

Ministr Selçuk, duşuşyk hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda, “Türkiýe bilen Liwiýanyň arasynda geçirlen Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen kärdeşim Liwiýanyň Ýokary okuw jaýlary we Ylmy barlaglar ministri Imran Muhammed Abdünnebi bilen duşuşdyk. Duşuşykda, özara hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy meselesinde ylalaşyk gazandyk” diýip belledi.



Degişli Habarlar