Liwiýanyň wekiliýeti Türkiýede saparda bolýar

Türkiýe-Liwiýa Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň ilkinji maslahaty üçin Türkiýä gelen Liwiýaly wekiliýetiň paýtagt Ankara şäherindäki sapary dowam edýär

1619804
Liwiýanyň wekiliýeti Türkiýede saparda bolýar
libya türkiye.jpg
Ahmed Ali Ebu Heyse-mustafa varank.jpg
Halid El-Mabrouk Abdullah-lutfi elvan.jpg
mengus-cavusoglu.jpg

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümetiniň Daşary işler ministri Nejla al-Menguş bilen duşuşyk geçirdi.  

Twitter hasabyndan beýanat beren Mewlüt Çawuşogly, duşuşykda Türkiýe-Liwiýa dostlugynyň we hyzmatdaşlygynyň güýçlendirilmegi bilen bagly umumy tutanýerliliklerini belläp geçendiklerini habar berdi.

Duşuşygyň Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 1-nji maslahatyndan ozal geçirilendigini aýdan Çawuşogly: "Şu taryhy etapda doganlyk ýurt Liwiýa goldawymyz dowam eder" diýip aýan etdi. 

Gazna we Maliýe ministri Lütfi Elwan hem Liwiýanyň Maliýe ministri Halid Al-Mabrouk Abdullah bilen duşuşyk geçirdi. 

Lütfi Elwan Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Liwiýanyň Maliýe ministri Halid Al-Mabrouk Abdullahy ministrligimizde myhman etdik. Geçiren duşuşygymyzda ministrliklerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlaryny ele aldyk" diýip beýan etdi. 

Söwda ministri Ruhsar Pekjan bolsa Liwiýanyň Ykdysadyýet we söwda ministri Muhammed Ali Al-Huweýj we Meýilleşdiriş ministri Fahir Miftah Ebuferna bilen ministrlikde duşuşyk geçirdi. 

Ruhsar Pekjan beren beýanatynda: "Türkiýe Liwiýanyň galkynyş göçümlerinde ýanynda bolmaga dowam eder" diýip habar berdi. 

Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurum bolsa Liwiýanyň Ýerleşdirme we dikeldiş ministri Abubekir Muhammed Al-Gawi bilen duşuşyk geçirdi. Ministr Kurum Liwiýanyň ýaňadandan dikeldiş tapgyrynda Türkiýäniň gerek bolan maýa goýumlara goýmaga taýardygyny kärdeşine aýdyp geçdi. 

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez bolsa Liwiýanyň Nebit we gaz ministri Muhammed Ahmed Oun bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda nebit we gaz başda bolmak bilen hyzmatdaşlyk ugurlary ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Liwiýanyň Senagat we magdan ministri Ahmed Ali Ebu Heýse we Liwiýanyň Ýokary okuw we Ylmy derňewler ministri Imran Muhammed Abdünnebi bilen aýry-aýry duşuşyk geçirdi. 

Ýurdyň paýtagty Ankara şäherindäki ministrlik binasynda geçen duşuşyklarda Mustafa Warank, ilki bilen Liwiýanyň Senagat we magdan ministri Ahmed Ali Ebu Heýse bilen duşuşyk geçirdi. 

Mustafa Warank eden çykyşynda, iki ýurdyň arasyndaky taryhy gatnaşyklara ünsleri çekip, Türkiýe hökmünde hemişe Liwiýanyň ýanynda bolmaga dowam etdirjekdiklerini habar berdi. 

Liwiýanyň global ykdysadyýete integrasiýa bolmak babatynda täze başlangyçlar etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdan Warank: "Esasan hem senagat, magdan we potratçylyk ugurlarynda Liwiýanyň mümkinçiliklerini özgertmegimiz gerek. Şony hem etjek adamlar biz ministrlerdiris, ýakyndan gatnaşyk saklamaga dowam ederis" diýip beýan etdi. 

Myhman ministr Ebu Heýse hem Türkiýä ynam bildirýändiklerini belläp, iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary esasan hem senagat we magdan ugurlary boýunça ösdürmek isleýändiklerini habar berdi. 

Warank bilen Ebu Heýseniň ikiçäk duşuşygy metbugata ýapyk häsýetde geçdi. 

Duşuşykda senagat we maýa goýumlar bilen bagly meseleler bilen hyzmatdaşlyk mehanizmlerini ösdürmek üçin ediljek işler maslahatlaşyldy. 

Ondan soň Liwiýanyň Ýokary okuw we Ylmy derňewler ministri Imran Muhammed Abdünnebi bilen duşuşyk geçiren Mustafa Warank, doganlyk ýurt Liwiýa bilen hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirmek niýetindediklerini mälim etdi. 

Warank, esasan hem Ýokary okuw ugrunda we ylmy-derňewleri ösdürmek işlerinde iki ýurdyň bilelikde hereket etmegini we Liwiýanyň mümkinçiklerini artdyrmak üçin bilelikde iş salyşmak isleýändiklerini belläp: "2021-nji ýylyň ahyrynda geçiriljek saýlawlar bilen birlikde Liwiýa başga bir dünýä garaşýar. Täze döwürde Liwiýanyň mümkinçiliklerini bilelikde özgertmelidiris" diýip nygtady. 

Ministr Abdünnebi hem duşuşygyň netijeli geçendigini belläp, Türkiýäniň hökümetine we türk halkyna minnetdarlyk bildirdi. 

Abdünnebi iki ýurdyň taryh boýunça möhüm gatnaşyklar saklandyklaryny aýdyp, täze hyzmatdaşlyk ugurlarynda hem meýilnamalaryň düzülip bilinjekdigini beýan etdi. 

Edilen çykyşlardan soň Warank bilen Abdünnebiniň duşuşygy metbugata ýapyk häsýetde dowam etdi. 

 



Degişli Habarlar