Prezident Erdogan Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Erdogan: "Gara deňiziň parahatçylyk, asudalyk we hyzmatdaşlyk deňizi bolmaga dowam etmegi esasy maksadymyzdyr" diýdi

1618753
Prezident Erdogan Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Erdogan we resmi sapar bilen Türkiýä gelen Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Stambulda ikiçäk we toparara gepleşiklerden soň, umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler.

Prezident Erdogan, metbugat ýygnagynda Gara deňiziň parahatçylyk, asudalyk we hyzmatdaşlyk deňizi bolmaga dowam etmeginiň esasy maksatlaryndadygyny beýan etdi.

"Türkiýe hökmünde Ukrainanyň territorial bütewiligini we özbaşdaklygyny güýçli ýagdaýda goldadyk" diýip bellän Erdogan: "Russiýa bilen Ukrainanyň serhedindäki krizisiň Ukrainanyň territorial bütewiliginiň we halkara hukugyň çäginde parahatçylykly we diplomatik ýollar bilen çözülmeginiň gerekdigine ynanýarys" diýip belledi.

Prezident Erdogan, Türkiýäniň Ukraina bilen edýän hyzmatdaşlygynyň hiç bir ýagdaýda başga bir 3-nji ýurda garşy bir başlangyç bolmandygyny habar berdi.

Erdogan Zelenskiý bilen geçiren duşuşygynda, Krymyň anneksiýa edilmegini ykrar etmezlik baradaky karary ýene-de bir gezek tassyklandyklaryny belläp: "Ukrainanyň halkara jemgyýeti Krym babatynda bir ýere jemlemek üçin edýän başlangyçlaryny, ýagny Krym platformasyny döretmek baradaky hereketleri goldaýandygymyzy belledik" diýip mälim etdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bolsa: "Türkiýäniň özygtyýarlylygymyzyň we territorial bütewiligimiziň ýaňadandan ýola goýulmagy üçin berýän goldawy örän möhümdir" diýip belledi. 



Degişli Habarlar