Erdogan we Zelenskiý agşam naharynda duşuşyk geçirdiler

Emine Erdogan Twitter hasabyndan duşuşyk bilen bagly beýanat berdi

1618820
Erdogan we Zelenskiý agşam naharynda duşuşyk geçirdiler

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we aýaly Emine Erdogan, Türkiýe-Ukraina Ýokary Derejeli Strategik Geňeşiniň 9-njy maslahaty mynasybetli Stambul şäherine gelen Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý we aýaly Ýelena Zelenskaýa bilen agşam naharynda duşuşyk geçirdiler. 

Emine Erdogan Twitter hasabyndan beren beýanatynda: " Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý we aýaly Ýelena Zelenskaýa bilen Huber köşgünde agşam naharynda duşuşyk geçirip, gowy gürrüňdeş boldyk" diýip habar berdi. 

Beýanatda, Prezident Erdogan we aýaly Emine Erdoganyň Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý we aýaly Ýelena Zelenskaýa bilen bilelikde düşen surat hem paýlaşyldy. 



Degişli Habarlar