Eren Marsiliýada Guralan Terror  Hüjümi Sebäpli Fransiýa Çagyryş Etdi

Masiliýada Türk medeniýetine we metjitlere hüjüm guraldy

1617987
Eren Marsiliýada Guralan Terror  Hüjümi Sebäpli Fransiýa Çagyryş Etdi

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar guramasynyň Başlygy Abdullah Eren Fransiýanyň Marsiliýa şäherinde ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýaranlarynyň Türk medeniýet merkezine we metjitlere guralan hüjümler sebäpli Fransiýany çäre görmäge çagyrdy.

Eren Twitter hasabyndan beren habarnamasynda, ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýaranlarynyň Fransiýanyň Marsiliýa şäherinde ýerleşýän Türk medeniýet merkezine we metjitlere hüjüm gurandygyny beýan edip; “Fransiýada bir hepdede türk jemagatyny nyşana alan 4-nji hüjüm guraldy. Şol ýerdäki jemgyýetçilik howpsyzlygyna hem zyýan ýetirýän terrorçylar üçin Fransiýany indi çäre görmäge çagyrýarys” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar