Türkiýäniň Koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 33 müň 201 adama ýetdi

1617572
Türkiýäniň Koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda çekilen adam pidasy 258 boldy.

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 33 müň 201 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 304 müň 492 adam testden geçirilip, ýene-de 2 müň 316 adama koronawirusyň ýolugandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 55 müň 941 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 37 müň 914 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 3 million 232 müň 892 adama ýetdi.



Degişli Habarlar