Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi mälim edildi

1617304
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Şyrnak welaýatynyň Bestler-Dereler Doňuz Dagy sebitinde 1-y gyzyl býulleten bilen gözlenýän jemi 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Sebitdäki operasiýalarda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 10-a ýetdi. 

Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, "Eren-10" operasiýasynyň çäginde ekstremist terror guramasy PKK-a garşy Şyrnak welaýatynyň Bestler-Dereler Doňuz Dagy sebitindäki operasiýalar dowam edýär.  

Operasiýada howpsuzlyk güýçleri bilen terrorçylaryň arasynda ýüze çykan çaknyşykda PKK-a agza ýene-de 2 terrorçy ellerindäki ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi mälim edildi. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu hem Twitter hasabyndan operasiýa bilen bagly beren beýanatynda, jemi 10 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini, terrorçylaryň biriniň bolsa gyzyl býulleten bilen gözlenýän terrorçydygyny habar berdi. 

Siriýada Zeýtun şahajygy operasiýasy sebitinde hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan ÝPG/PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Şehitlerimiziň aryny aldyk, mundan soň hem alarys. Siriýada Zeýtun şahajygy operasiýasy sebitine hüjüm guran terrorçylaryň ýerleriniň ýok edilmegi bilen bagly operasiýalarymyz dowam edýär. Hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan 2 terrorçy komandos güýçlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar