“Siziň Gazanan Ýeňişiňiz Taryha Altyn Harplar Bilen Ýazylar”

Hulusi Akar, Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arakly duşuşyk geçirdi.

1616921
“Siziň Gazanan Ýeňişiňiz Taryha Altyn Harplar Bilen Ýazylar”

 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Azerbaýjanyň Goranmak ministri goşun generaly Zakir Hasanow bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arakly duşuşyk geçirdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň arasynda bilelikdäki harby türgenleşik başlady.

Ministr Akar başlan türgenleşik sebäpli Azerbaýjanyň Goranmak ministri goşun generaly Hasanow bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda, Türkiýe bilen Azerbaýjany güýjüni taryhy we medeni geçmişinden alýan biri-biri bilen ýakyndan gatnaşyk edýan iki ýurt hökmünde häsiýetlendiren Akar, geçmişde bolşy ýaly şu günki günde hem birek-birege goldaw bermäge dowam edýändiklerini nygtady.

Gahryman Azerbaýjanyň goşunlarynyň sentýabr aýynda başlan we 44 gün dowam eden çaknyşyklarda uly ýeňiş gazanandygyny aýdan Akar “Bir millet iki döwlet şygaryna laýyklykda ähli taraplaýyn güýçlenen doganlygymyz we bitewiligimiz Garabagyň halas edilmegi bilen has-da jebisleşdi. Muny bütindünýä gördi. “Bir watan” hökmünde atlandyrlan operasiýa meýilnamaňyzyň üstünlikli ýagdaýda netijelenmegi bilen ermeni güýçlerini ýeňdiňiz we türgüň güýjüni görkezdiňiz. 30 ýyldan bäri dowam edýän basyp alyşlyk, ol ýerdäki doganlarymyzyň çeken jebir-jepasy ortadan aýryldy. Siziň gazanan ýeňişiňiz taryha altyn harplar bilen ýazylar” diýdi.

Gazanylan ýeňiş mynasibetli Azerbaýjany ýene-de bir gezek gutlan Akar “Azerbaýjanyň goşunlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we iki ýurduň ýaragly güýçleriniň geljekde hem birlikde ýakyndan işleşmegi üçin iş meýilnamasyny taýarladyk we şol meýilnamany durmuşa geçirmäge başladyk” diýip belledi.

Karsda Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri tarapyndan Gyş-2021 türgenleşiginiň üstünlikli ýagdaýda geçirlendigini ýatladan Akar, täze başlan bilelikdäki türgenleşigiň hem möhümdigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar