Siriýada Zeýtun Şahajygy sebitinde 2 esger şehit boldy

Siriýada Zeýtun Şahajygy sebitinde guralan terrorçylykly hüjümde 2 esger şehit boldy

1616854
Siriýada Zeýtun Şahajygy sebitinde 2 esger şehit boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden beren beýanatynda: "Terror guramasy PKK/ÝPG tarapyndan Siriýanyň Zeýtun Şahajygy sebitindäki hüjümde 2 esgerimiz şehit boldy" diýip habar berildi.

Sebitde terror guramasyna degişlidigi kesgitlenen nyşanalara hüjüm guralandygyny aýdan Milli Goranmak ministrligi, 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan 2018-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda geçirilen Zeýtun Şahajygy operasiýasy bilen sebit terrorçylardan saplanypdy. 



Degişli Habarlar