Prezident Erdogan D-8-e agza ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, D-8-e agza ýurtlaryň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň 10-njy maslahatyna gatnaşdy

1617374
Prezident Erdogan D-8-e agza ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşdy

Bu maslahat bilen 4 ýyla golaý wagt dowam eden döwürleýin başlyklyk wezipesini Bangladeş döwletine gowşurjakdyklaryny aýdan Erdogan: "Sekretarlygy Stambulda ýerleşýän gurama döredilen günüden bäri geçen çärýek asyrlyk döwürde güýçlenip ýoluny dowam etdirýär" diýip beýan etdi. 

Soňky 1 ýyl bäri bütin dünýäni täsiri astyna alan koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde ilkinji günlerden başlap halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine we wajyplygyna ünsleri çekendiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Türkiýe hökmünde adamlaryň üstünde synaglary geçýän ýerli sanjymymyzy, Hiç kim çetleşdirilmeli däl ýörelgesi bilen bütin adamzadyň ulanylmagyna hödürläris" diýip beýan etdi. 

Türkiýe hökmünde D-8-a agza ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklarynyň ýeňilleşdirilmegi maksady bilen strategik reminamany taýarlandyklaryny we degişli ýurtlara ugradandyklaryny aýdan Erdogan: "Yslam maliýe guramalarynyň likwidlik mätäçliklerini we musulman geografiýanyň barha artýan maliýe infrastruktura zerurlyklaryny şol bir wagtda üpjün etjek we onlaýn platformalaryna esaslanýan Yslam Megabank taslamasynyň durmuşa geçirilip bilinjekdigine ynanýarys" diýip belledi. 

Erdogan: "Ýurtlarymyzy daşary ýurt walýutlaryň kurslaryndan gözbaş alýan howplardan goranmak üçin ýerli pul birlikleri bilen söwda gatnaşyklaryna ähmiýet bermegimiz hökmanydyr. D-8 alyş-çalyş bankynyň bu ugurdaky işlerini çaltlandyrmagyny bu babatda peýdaly görýärin" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar