Mewlüt Çawuşogly Kuweýtli kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Kuweýt bilen sebitleýin meselelerde ylalaşyk içinde bolmakdan hoşaldyklaryny habar berdi

1617500
Mewlüt Çawuşogly Kuweýtli kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, paýtagt Ankara gelen Kuweýdiň Daşary işler ministri we Ministrler kabinetiniň işlerinden jogapkär döwlet ministri Ahmed Nasyr Muhammed as-Sabah bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi. 

Türkiýe-Kuweýt hyzmatdaşlyk üçin umumy komitediň maslahatyna hem gatnaşan ministrler, soň bolsa umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler. 

Kärdeşi bilen iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary we sebitleýin meseleleri maslahatlaşandyklaryny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Sebitleýin meselelerde ylalaşyk içinde bolmakdan hoşaldyrys. Iki ýurdyň sebitdäki maksady parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk we ykdysady galkynyş" diýip habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Kuweýdiň sebitleýin meselelerde öz üstüne alan araçylyk roluny takdyr edýändiklerini belläp, Türkiýäniň Kuweýdiň bu möhüm roluny goldamaga dowam etdirjekdigini mälim etdi. 

Kuweýdiň Daşary işler ministri bolsa öz gezeginde, Türkiýäniň we Kuweýdiň arasyndaky gatnaşyklaryň giň göwrümlidigini we ikitaraplaýyn saparlaryň dowam etjekdigini nygtap, iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek isleýändiklerini aýan etdi. 

Sabah, Pars aýlagy krizisiniň çözüwi babatynda dostlukly ýurt Türkiýä we beýleki ýurtlara beren goldawlary sebäpli minnetdarlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar