Mewlüt Çawuşogly, Gresiýanyň Ilçisi Diamessisi Kabul Etdi

Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendiasyň 14-nji aprelde Türkiýede saparda bolmagyna garaşylýar

1616818
Mewlüt Çawuşogly, Gresiýanyň Ilçisi Diamessisi Kabul Etdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gresiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mişel Kristos Diamessisi kabul etdi.

Ministr Çawuşogly paýtagt Ankarada bolan duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda “Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendiasyň geljek hepde Türkiýä gurajak saparynyň öňüsyrasynda Gresiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mişel Kristos Diamessisi kabul etdik” diýdi.

Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendiasyň 14-nji aprelde Türkiýede saparda bolmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar