Mewlüt Çawuşogly D-8-e agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy

Çawuşogly Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde 157 ýurda we 12 halkara gurama kömek ugradandygyny habar berdi

1616727
Mewlüt Çawuşogly D-8-e agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Bangladeş döwletiniň ýer eýeçilik etmeginde geçirilýän D-8 maslahatynyň çägindäki D-8-e agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda çykyş etdi. 

Kowid-19 epidemiýa tapgyrynda köptaraplylygyň we hyzmatdaşlygyň ähmiýetine has hem gowy göz ýetirendiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Türkiýe hökmünde iň başyndan bäri Kowid-19-a garşy göreşde jebisligiň we hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçdik. Koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde 157 ýurda we 12 halkara gurama kömek ugratdyk. Halkara Pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň we G-20-a agza ýurtlaryň iň ýoksul ýurtlar üçin bergileriniň möhledini uzatmak bilen bagly başlangyçlaryny goldadyk" diýip habar berdi. 

D-8-a agza ýurtlaryň eýe bolan uly ykdysady mümkinçiliklerini açyk ýagdaýa getirmegiň özleriniň tagallalaryna baglydyklaryny aýdan Mewlüt Çawuşogly, maslahatda kabul ediljek 10 ýyllyk Meýilnamanyň we Dakka jarnamasynyň şol çäkde gurama täzeden bir itergi berjekdigine ünsleri çekdi. 

Syýahatçylyk pudagynyň epidemiýadan iň köp zyýan çeken pudakdygyna ünsleri çeken Mewlüt Çawuşogly, Türkiýe hökmünde howpsyz syýahatçylyk konseptini durmuşa geçirendiklerini we BMG-nyň Bütindünýä Syýahatçylyk guramasynyň ýörelgelerine laýyklykda syýahatçylyk zolaklaryny ýaňadandan dynç alyşa açandyklaryny mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly şol ugurda Türkiýäniň nusgawy gollanmalaryny D-8-e agza ýurtlary bilen paýlaşmaga taýardyklaryny beýan etdi. 

Ertir geçiriljek maslahat bilen Döwürleýin başlyklygy Bangladeş döwletine geçirjekdiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly, Bangladeşe üstünlik arzuw edip, özlerine goldaw bermäge dowam etjekdiklerini habar berdi. 



Degişli Habarlar