Konýada tälim uçarynyň ýere gaçmagy netijesinde uçaryň uçarmany şehit boldy

Žandarma güýçleri sebitde howpsuzlyk çärelerini gördi

1616673
Konýada tälim uçarynyň ýere gaçmagy netijesinde uçaryň uçarmany şehit boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tälim uçuşyny ýerine ýetirýän Türk Ýyldyzlary toparyna degişli NF-5 kysymly uçaryň Konýa welaýatynyň Karataý etrabynda ýere gaçandygyny habar berdi. 

Wakanyň bolan ýerine köp sanda tiz kömek we ýangyn söndüriji ulaglary gönükdirildi. 

Žandarma güýçleri sebitde howpsuzlyk çärelerini gördi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Konýada tälim uçuşyny ýerine ýetiren Harby-howa güýçlerimize degişli NF-5 kysymly uçaryň ýere gaçmagy netijesinde uçaryň uçarmany şehit boldy" diýip mälim edildi. 

Hadysa bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygy bellenen beýanatda: "Gahryman uçarmanymyza Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna, Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine we beýik türk milletine gynanç we sabyr dileýäris" diýip habar berildi.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan hem sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Konýa welaýatynda bir tälim uçarynyň tälim uçuşyny ýerine ýetirýärkä heläkçilige uçurandygy we hadysada uçaryň uçarmanynyň şehit bolandygy baradaky habary uly gynanç bilen alandygyny beýan etdi.

Prezident Erdogan: "Şehit bolan uçarmanymyza Alladan rehnet dileýärin, uçarmanyň maşgalasyna, dogan-garyndaşlaryna, Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine we milletimize gynanç bildirýärin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar