Konýa welaýatynda tälim uçary ýere gaçdy

Türkiýäniň Konýa welaýatynda tälim uçarynyň ýere gaçmagy netijesinde uçaryň uçarmany şehit boldy

1616611
Konýa welaýatynda tälim uçary ýere gaçdy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tälim uçuşyny ýerine ýetirýän Türk Ýyldyzlary toparyna degişli NF-5 kysymly uçaryň Konýa welaýatynyň Karataý etrabynda ýere gaçandygyny habar berdi. 

Wakanyň bolan ýerine köp sanda tiz kömek we ýangyn söndüriji ulaglary gönükdirildi. 

Žandarma güýçleri sebitde howpsuzlyk çärelerini gördi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Konýada tälim uçuşyny ýerine ýetiren Harby-howa güýçlerimize degişli NF-5 kysymly uçaryň ýere gaçmagy netijesinde uçaryň uçarmany şehit boldy" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar