Ibrahim Kalyn ÝB-niň ýolbaşçylarynyň Türkiýä guran saparlary barada beýanat berdi

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, Prezidentiň kompleksinde geçn duşuşyk bilen bagly ýazmaça beýanat berdi

1616291
Ibrahim Kalyn ÝB-niň ýolbaşçylarynyň Türkiýä guran saparlary barada beýanat berdi

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, Prezident Erdoganyň ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel we ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen geçiren duşuşygynyň umuman alanyňda oňyn ýagdaýda geçendigini habar berdi. 

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn Prezident Erdoganyň ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel we ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen Prezidentiň kompleksinde geçiren duşuşygy bilen bagly ýazmaça beýanat berdi. 

Ibrahim Kalyn: "Prezident Erdoganyň ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel we ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen geçiren duşuşygy umuman alanyňda oňyn ýagdaýda geçdi we duşuşykda Türkiýe-ÝB gatnaşyklary giňişleýin ara alynyp maslahatlaşyldy" diýip mälim etdi.

Kalyn: "Hormatly Prezidentimiz, ÝB bilen gatnaşyklaryň gelejegi bilen baglanşykly Türkiýäniň perspektiwalaryny orta goýup, Türkiýäniň ÝB tapgyrynyň gutarnykly maksadynyň bileleşige doly agza bolmakdygyny beýan etdi. Bosgun ylalaşygynyň täzelenmegi, Gümrük bileleşiginiň täzelenmegi, türk raýatlaryna wiza erkinliginiň üpjün edilmegi, halklaryň arasyndaky gatnaşyklar we ýokary derejeli syýasy geňeşmeleriň güntertibe getirilen duşuşykda, ÝB-niň položitel güntertibi goldajak anyk ädimler etmeginiň gerekdigini belledi. Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky syýasy, ykdysady we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň güýçlenip dowam etmeginiň hem Türkiýäniň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň durnuklylygyna hem-de global parahatçylygyň üpjün edilmegine goşant goşjakdygy bellenip geçildi. Bosgun meselesiniň umumy jogapkärçilik düşünjesi bilen ele alynmagynyň gerekdigi nygtalan duşuşykda, sebitde täze bir bosgun tolkunynyň döretjek durnuksyzlyk we ynsanperwer krizise garşy bosgun ylalaşygynyň täzelenmeginiň zerurdygy beýan edildi" diýip habar berdi.

Ibrahim Kalyn, duşuşykda terrora garşy göreşde hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň bellenip geçilendigini aýan edip, hemişelik durnuklylyk we howpsuzlyk üçin DAIŞ, PKK/ÝPG, FETÖ ýaly ähli terror guramalaryna garşy täsirli we umumy ýagdaýda göreş alynyp barylmagynyň zerurdygynyň aýdylyp geçilendigini mälim etdi.

Duşuşykda koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çägindäki soňky hadysalar, sanjym tapgyry we hyzmatdaşlyk ugurlarynyň maslahatlaşylandygyny aýdan Kalyn: "Sebitleýin krizislere hemişelik çözgütler tapylmagynyň hem Türkiýäniň hem-de ÝB-ne agza ýurtlaryň umumy bähbidine boljakdygy bellenen duşuşykda, Siriýa, Yrak, Liwiýa, Garabag, Gündogar Ortaýer deňizi ýaly meseleler hem ele alyndy. Hormatly Prezidentimiziň teklip eden Gündogar Ortaýer deňizi maslahatynyň, Ortaýer deňiziniň bir parahatçylyk deňizine öwrülmegi ugrunda möhüm rol oýnajakdygy bellendi. Türkiýede dowam edýän kazyýet işleri bilen baglanşykly hukuk tapgyryna her kimiň hormat goýmalydygy açyk ýagdaýda bellenip geçildi. Duşuşykda mundan başgada ÝB-ne agza käbir ýurtlaryň Türkiýe-ÝB gatnaşyklaryny zamun almagyna rugsat bermeli däldigi nygtaldy. Türkiýäniň Stambul ylalaşygyndan çekilmegi babatynda bolsa hormatly Prezidentimiz zenan maşgalalara garşy edilýän eden-etdiligiň global bir meseledigini we şol aşa hereketleriň ähli görnüşlerine garşy göreş alyp barmaga dowam ediljekdigini habar berdi. Häzirki kanunlaryň çäginde hukuk mehanizmleriň has hem güýçlendirilip, zenanlara garşy edilýän eden-etdilige garşy göreşde has täsirli netijelere ýetiljekdigi beýan edildi" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar