Erdogan: "Epidemiýa garşy göreşi syýasatdan ýokary bir milli mesele hökmünde garaýarys" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Epidemiýa garşy göreşi syýasatdan ýokary bir milli mesele hökmünde garaýarys" diýip belledi

1616513
Erdogan: "Epidemiýa garşy göreşi syýasatdan ýokary bir milli mesele hökmünde garaýarys" diýdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda eden çykyşynda: "Biz epidemiýa garşy göreşi syýasatdan ýokary, 84 million ilatyň ählisiniň saglygyny gyzyklandyrýan bir milli mesele hökmünde garaýarys" diýip beýan etdi. 

Prezident Erdogan çykyşynda, Türkiýäni ösdürmek we güýçlendirmek ugrundaky göreşlerini dowam etdirýändiklerine ünsleri çekip: "Bir tarapdan serhetlerimiziň çägindäki we serhetaşa terror guramalaryndan huntaçylara çenli giň front liniýasynda göreş alyp barýan bolsa, beýleki tarapdan ýurdumyzy galkyndyrmaga, ösdürmäge we güýçlendirmäge dowam etdirýäris" diýip aýan etdi. 

Çykyşynda Gara deňizi Egeý deňizi bilen birleşdirjek Kanal Stambul taslamasynyň hem üstünde durup geçen Prezident Erdogan: "Taslamanyň Daşky gurşaw täsiri netijelendirmesiniň habarnamasy 56 guramanyň we edaranyň, 200-den gowrak alymyň, medianyň we raýatlarymyzyň goşan goşantlary bilen tamamlandy. Nesip bolsa bu möhüm taslamanyň tapgyrlaýyn häsýetde geçiriljek tenderine ýakyn wagtda başlarys. Nesip bolsa tomus aýlarynda bolsa düýbüni tutarys. Ep-esli wagt gijä galynyp hem bolsa gurluşygyna başlajagymyz Kanal Stambul taslamasynyň şu wagtdan ýurdumyza, milletimize düşümli bolmagyny dileýärin" diýip belledi.



Degişli Habarlar