Ýemen, Türkiýäniň Tutumyndan Hoşal

Bin Dagr, Türkiýäniň Ýemendäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Faruk Bozgöz bilen Saud Arabystanynda duşuşdy

1615524
Ýemen, Türkiýäniň Tutumyndan Hoşal

Ýemeniň Şura Mejlisiniň başlygy Bin Dagr, Türkiýäniň Ýemene goldaw berýän tutumyna kanagatlanma bildirdi.

Ýemeniň SABA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Bin Dagr, Türkiýäniň Ýemendäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Faruk Bozgöz bilen Saud Arabystanynda duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bin Dagr bilen Bozgöz duşuşykda şeýle hem BMG-nyň öňbaşçylygynda geçirilýän parahatçylyk gepleşikleri barada pikir alyşdy.

Ahmed Bin Dagr, Türkiýäniň, Ýemeniň howpsyzlygyna, durnuklylygyna we territorial bitewiligine hem-de halkara derejesinde legal hökümete goldaw berýän tutumyndan hoşaldyklaryny belledi.

Ilçi Faruk Bozgöz hem duşuşykda, türk hökümetiniň Ýemende parahatçylygyň ýola goýulmagyna uly goldaw berýändigini belledi.



Degişli Habarlar