ÝB-niň ýokary derejeli wekiliýeti Türkiýede saparda bolar

Saparyň çäginde güntertibiniň ileri tutulýan sebitleýin we halkara meseleleri barada pikir alyşylar

1615276
ÝB-niň ýokary derejeli wekiliýeti Türkiýede saparda bolar

ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel we ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çakylygyna laýyklykda şu gün Türkiýä iş saparyny gurarlar. 

Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berilen beýanata görä, saparyň çäginde geçiriljek duşuşyklarda Türkiýe-ÝB gatnaşyklary ähli taraplaýyn gözden geçiriler, Bileleşik bilen hyzmatdaşlygyň gatnaşyk perspektiwasynyň esasynda we ýola goýulmaga synanyşylýan oňyn güntertibiň çäginde özgerdilmegi üçin ediljek ädimler ara alynyp maslahatlaşylar. 

Saparyň çäginde mundan başgada güntertibiniň ileri tutulýan sebitleýin we halkara meseleleri barada pikir alyşylar. 
 


Etiketkalar: #Türkiýe , #sapar , #wekiliýet , #ÝB

Degişli Habarlar