Prezident Erdogan ÝB-niň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ýolbaşçylaryny kabul etdi

1615867
Prezident Erdogan ÝB-niň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeli we ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeni kabul etdi. 

Prezidentiň Kompleksindäki kabul edilşikde, 2 sagat 45 minut dowam etdi. 

Kabul edilşikde Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň ähli ugurlary ara alynyp maslahatlaşyldy.

2016-njy ýylyň 18-nji martynda Göç we Bosgunlar bilen bagly ylalaşygyň täzelenmegi, wiza erkinligi, 25 ýyl geçen Gümrük bileleşigi ylalaşygynyň täzelenmegi güntertibe getirildi. 

Duşuşyk başlamadan ozal Twitter hasabyndan beýanat beren ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel: "Ankarada Prezident Erdogan bilen Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň gelejegi bilen bagly gepleşik geçireris. Has konstruktiw bir güntertibi ýola goýmak üçin dartgynlygyň dowamly ýagdaýda azaldylmagy hökmany" diýip belläpdi. 



Degişli Habarlar