Prezident Erdogan, Kosowanyň Täze Prezidentini Gutlady

Prezident Erdogan, Kosowanyň täze Prezidenti Wžosa Osmani-Sadriu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1615387
Prezident Erdogan, Kosowanyň Täze Prezidentini Gutlady

 

Prezident R. T. Erdogan, Kosowanyň Prezidenti Wžosa Osmani-Sadriuny täze wezipesi bilen gutlady.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan, Kosowanyň täze Prezidenti Wžosa Osmani-Sadriu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan bilen Sadriu telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Kosowanyň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan Wžosa Osmani Sadriuny täze wezipesi bilen gutlady.

Prezident Erdogan, iki ýurduň arasyndaky taryhy dostlukly gatnaşyklaryň täze döwürde hem pugtalanmak bilen dowam etjekdigine ynanýandygyny nygtady.

Erdogan, Türkiýe bilen Kosowanyň arasyndaky köp ugurly hyzmatdaşlygyň Balkanlaryň durnuklylygyna we howpsyzlygyna goşant goşýandygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar