Çawuşogly Bozkyr Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ankarada saparda bolýan BMG-niň 75-nji Sessiýasynyň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy

1615822
Çawuşogly Bozkyr Bilen Duşuşdy

Çawuşogly Twitterden beren habarnamasynda ministrlikde geçirilen duşuşyk hakynda: “BMG-niň 75-nji Sessiýasynyň Başlygy Wolkan Bozkyryň ilkinji resmi saparynyň çäginde Ankarada duşuşdyk. Onuň ýolbaşçylyk etmegimnde Baş assambleýanyň işleri pandemiýa garamazdan üznüksiz dowam edýär” diýip ýazdy.

Türkiýäniň BMG-däki öňbaşçy pozisiýassynyň we oňa Bozkyryn goldawynyn dowam etjekdigini nygtan Çawuşogly Stambuly BMG-niň merkezine öwürjekdiklerini nygtady.

Bozkyr Çawuşoglunyň çakylygyna laýyklykda Türkiýä guraýan resmi saparynyň çäginde günüň dowamynda Atatürkiň aramgähini zyýarat etdi.

Bozkyr we remi wekiliýet Atatürkiň mowzoleýine gül desselerini goýup, hormatly dymyşlyk etdi.

Prezident R.T.Erdogan we Mejlisin Başlygy Mustafa Şentop tarapyndan tarapyndan hem kabul ediljek Bozkyz duşuşyklaryndan soň Mejlisiň Baş assambleýasynda çykyş eder.

Bozkyr 10-njy aprelde Hataý welaýatynda demirgazyk günbatar Siriýa boýunça BMG-niň serhetaşa ynasanperwer operasiýalary bilen tanyş bolar we wagtlaýyn ýaşaýyş ýerlerine baryp görer.

 



Degişli Habarlar