Aýwalyk etrabynyň suw giňişliginde 24 bosgun halas edildi

Sebite gönükdirilen Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli toparlar daşary ýurtly 24 adamy halas etdiler

1615402
Aýwalyk etrabynyň suw giňişliginde 24 bosgun halas edildi

Balykesir welaýatynyň Aýwalyk etrabyndan Gresiýanyň Lesbos adasyna gitmäge synanyşan mahallary Çyplak ada diýilen ýerde kyn ýagdaýda galan 24 bosgun halas edildi. 

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli toparlar, Aýwalyk etrabynyň suw giňişliginde, bosgunlaryň çiýşirilen gaýyk bilen ýola çykanlaryndan soň Çyplak ada diýilýän ýeriň golaýynda motorlarynyň näsazlanmagy sebäpli kyn ýagdaýda galandyklary we kömek berilmegi barada talap bildirendikleri barada alynan maglumatyň esasynda işe girişdiler. 

Sebite gönükdirilen Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli toparlar daşary ýurtly 24 adamy halas etdiler. 

Bosgunlar Aýwalyk etrabynyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy serkerdeligine getirildiler.

Beýleki tarapdan bolsa Çanakgalanyň Aýwajyk etrabynda Gresiýanyň kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 27 bosgun halas edildi.

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli toparlar, Siwrije diýilen ýeriň suw giňişliginde bosgunlaryň bardygyny anyklady.

Ol ýerde Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 27 bosgun halas edildi.

Kenara çykarylan bosgunlar, deslapky işlerden soň Aýwajyk etrabynyň Daşary ýurtlylary yzyna öz ýurtlaryna ugratmak merkezine gowşuryldy. 


Etiketkalar: #Gresiýa , #Aýwalyk , #Balykesir

Degişli Habarlar