Şu gün Beştepede Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde maslahat geçiriler

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde, şu gün Beştepede seljeriş maslahaty geçiriler

1614742
Şu gün Beştepede Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde maslahat geçiriler

Prezident Erdogan, TBMM-de partiýasynyň maslahatyna gatnaşyp, ol ýerde çykyş eder. 

Prezident Erdogan çykyşynda esasan hem täze konstitutsiýanyň üstünde durup geçer. 

Erdogan şu gün mundan başgada seljeriş maslahatyny geçirer. 

Maslahat Türkiýäniň wagty bilen sagat 15:00-da Prezidentiň kompleksinde geçiriler. 

Ondan soň bolsa Adalat we ösüş partiýasynyň beýik kongresden soň emele getirilen Merkezi Dolanşyk Geňeşi, Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde ilkinji gezek jemlenişer. 

Maslahatda Merkezi Dolanşyk Geňeşiniň agzalary bilen 2023-nji ýylda çenli ediljek işler ara alynyp maslahatlaşylar. Saýlawlar bilen bagly meýilnamalaryň üstünde durulyp geçiler. 



Degişli Habarlar