Türkiýäniň Koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 32 müň 263 adama ýetdi

1614551
Türkiýäniň Koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda çekilen adam pidasy 185 boldy.

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 32 müň 263 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 246 müň 210 adam testden geçirilip, ýene-de 1 müň 508 adama koronawirusyň ýolugandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 41 müň 998 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 22 müň 674 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 3 million 105 müň 350 adama ýetdi.



Degişli Habarlar