Prezident Erdogan Pasha mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Pasha mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

1614261
Prezident Erdogan Pasha mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Biri-birinden tapawutly buthanalara we toparlara agza hristian raýatlary, iň möhüm dini dabaralarynyň biri bolan Pasha mynasybetli tüýs ýüreginden gutlaýandygyny bellän Prezident Erdogan: "Milletimiziň her bir şahsyýetiniň emele getiren baý mozaika, ikitaraplaýyn hormada esaslanýan parahatçylyk içinde, azat ýagdaýda bir ýerde ýaşamak babatynda bütin dünýä aýratyn bir nusga bolup durýar. Hristian raýatlarymyzyň Pasha baýramy mynasybetli başyndan geçirýän şatlyklaryny bilelikde paýlaşyp, milletimiziň diregi bolan jebislik, agzybirlik we raýadaşlyk ýaly häsýetlerimiziň baky ýagdaýda nesilden nesile geçip dowam etjekdigine doly ynanýaryn. Bu duýgy we pikirler bilen başda hristian raýatlarymyz bolmak bilen, ähli hristianlary Pasha dabaralary bilen ýene-de bir gezek gutlap, özlerine abadançylyk arzuw edýärin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar